<?xml version="1.0" encoding="UTF-8"?><song><hymn_number>135</hymn_number>
<title>Reb Isany şöhratlalyň! N135</title>
<lyrics>[V1]
 Geliň söýgili doganlarym,
 Reb Isany alkyşlalyň!
 Düzüp-düzüp Oňa goşgy,
 Reb Isany şöhratlalyň!
 Düzüp-joşup Oňa mezmur,
 Dawut ýaly şöhratlalyň!

[C1]
   Geliň Ony alkyşlalyň,
   Dawut ýaly şöhratlalyň!
   Geliň dostlar
   alkyşlalyň,
   Reb Isany şöhratlalyň!

[V2]
 Ozal-başda barlygynda,
 Älem-jahan ýaradyldy.
 Onuň üçin ýaradyldy,
 Geliň Ony alkyşlalyň!
 Ol arkaly ýaradyldy,
 Geliň Ony şöhratlalyň!

[V3]
 Biziň üçin ýere geldi,
 Haçda günäm üçin öldi.
 Ölüm jezasyny ýeňdi,
 Geliň Ony alkyşlalyň!
 Ölüm jezasyny ýeňdi,
 Geliň Ony şöhratlalyň!

[V4]
 Üç günden soň direldi Ol,
 Şägirtlerine göründi Ol.
 Şalygyna alyndy Ol,
 Ýerde Ony alkyşlalyň!
 Ata bilen birleşdi Ol,
 Ýerde Ony şöhratlalyň!

[V5]
 Ol Gutulyş
 hem Direliş,
 Ol Hakykat hem
 Ýaşaýyş!
 Ol Ebedi, Baky Durmuş,
 Geliň Ony alkyşlalyň!
 Ol Ebedi, Baky Durmuş,
 Geliň Ony şöhratlalyň!

[V6]
 Ol Ýeke-täk Hudaýymyz,
 Ol Ebedi Çöregimiz!
 Ol Ýagtylyk Çyragymyz,
 Geliň Ony alkyşlalyň!
 Ol Ýagtylyk Çyragymyz,
 Geliň Ony şöhratlalyň!

[V7]
 Ol Atamyz
 hem Patyşamyz,
 Ogul bolmak isleseňiz,
 Oňa iman eden ynsan,
 Dawut ýaly alkyşlasyn!
 Iman eden her bir ynsan,
 Reb Isany şöhratlasyn!

[V8]
 Ol Atamyz
 Kyn günde
 hem ýanymda,
 Şat günümde
 hem ýanymda.
 Çagyranda hem ýanymda,
 Geliň Ony alkyşlalyň!
 Ömür baky biziň bilen,
 Geliň Ony şöhratlalyň!

[V9]
 Bu günlere kimler ýetdi,
 Reb Isany
 kimler bildi?!
 Baky Durmuş aýan boldy,
 Geliň Ony alkyşlalyň!
 Baky Durmuş aýan boldy,
 Geliň Ony şöhratlalyň!

[V10]
 Şu öýlere geliň dostlar,
 Doga-dileg ediň dostlar!
 Iman edip her bir ynsan,
 Reb Isany şöhratlasyn!
 Her bir ynsan söýüp Rebbi,
 Dawut ýaly alkyşlasyn!
 Dawut ýaly şöhratlasyn!</lyrics>
</song>